Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary Ýokary liganyň 29-njy möwsüminiň bosagasynda düzümine iki futbolçy goşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Täze möwsümde «Köpetdagyň» üstünlikleri göreşjek oýunçylaryň biri hüjümçi Öwezbaý Muhammetmyradowdyr. Geçen ýyl adybir futzal topary bilen Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň hem çempiony bolan hüjümçi ozal hem dürli ýyllarda «Köpetdagda» çykyş edipdi. «Türkmenportalyň» habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, ol «Köpetdag» futbol toparynyň düzüminde ozalky çykyş eden möwsümlerinde Ýokary ligada 16 gezek tapawutlandy. Hatda ol gaýtadan döredilen «Köpetdagyň» häzir hem iň netijeli futbolçysydyr. Öwezbaý Muhammetmyradow täze möwsümde bu üstünliginiň üstüni ýetirip, milli futbol çempionatymyzyň gyzygynyň artmagyna goşant goşup biler.
Federasiýasynyň resmi saýtynda «Köpetdagyň» ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşandygy aýdylýar.
Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary geçen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde geçiren 28 duşuşygynda 41 utuk toplap, ýaryş tertibini dördünji hatarda tamamlady. Şeýle-de, bu topar geçen ýyl ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalyna çykmagy hem başardy.