Soňky habarlar

Arhiw

YHG-nyň 15-nji sammiti şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriler

23:4304.03.2021
0
16036

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) sammitinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow EKO agza döwletleriň Baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegi teklip etdi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri EKO-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri ugurdaş sebitleýin döwletara bileleşigiň 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredilendigini ýatlatmalydyrys. 1992-nji ýyldan başlap, EKO-nyň işi, oňa 7 ýurduň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň girmegi bilen baglylykda, hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Guramanyň häzirki düzümine çenli onuň giňeldilmeginiň senesi — 28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär.

Ýeri gelende, sammitiň barşynda EKO başlyklyk etmek döwrüniň Türkmenistana geçendigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu Konsepsiýa ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmelerine aýdyň şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň