Top.Mail.Ru

ABŞ-nyň iki sany ştatynda agyz-burun örtügini geýmeklik baradaky talaplar ýatyrylýar

18:3904.03.2021
0
1323

ABŞ-nyň Tehas we Missisipi ştatynda agyz-burun geýmek düzgüni ýatyrylýar.

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň häkimi Greg Abbott hökmany agyz-burun örtügini geýmek düzgünini şu ýylyň 10-njy martyndan ýatyrýar. Mundan başga-da ol, şol günden başlap, Tehasyň edaralarynda we kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, köpçülikleýin ýerlerinde girizilen ähli çäklendirmeleri aýyrmagy meýilleşdirýär. Bu karar köpçülikleýin sanjym işleriniň ýola goýlandygy göz öňünde tutulyp, ykdysadyýetiň we raýatlaryň kadaly durmuşyny dikeltmegiň zerurlygy sebäpli kabul edildi.

ABŞ-nyň Missisipi ştatynda hem epidemiologik ýagdaýyň gowulaşmagy we ilata işjeň sanjym edilmegi sebäpli agyz-burun örtügini geýmek düzgüni ýatyrylýar. Şol bir wagtyň özünde bir otagda bolmaklyga rugsat berlen adamlar üçin girizilen ähli çäklendirmeler hem aýrylýar.

Pandemiýa başlaly bäri, Tehasda 2,6 milliondan gowrak kişide «COVID-19» ýokanç keseli anyklandy we  Jon Hopkins uniwersitetiniň habaryna görä, 43900 näsag aradan çykdy. Missisipi ştatynda bolsa, geçen ýylyň ýazyndan bäri, 295000 töweregi adamda koronowirus ýokançlygy hasaba alyndy we bu dertden 6700 ynsan ýogaldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň