Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko Belorussiýa bilen Russiýanyň birleşmegini goldamady

19:1903.03.2021
0
1416

Belorussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko belarus – rus hyzmatdaşlygyna bagyşlanan  düýnki  –  2-nji martdaky ýygnakda  Belorussiýa bilen Russiýanyň ýeke-täk dolandyryş edarasyny döretmeklik üçin birleşmeli däldigini aýtdy. Bu barada «Belta» we «gazeta.uz»  web sahypalary habar berýär.

Belarus Lideri: «Häzirki wagtda dünýä şeýle bir üýtgedi welin, Belorussiýa Russiýanyň bir bölegi bolmaly, ýa-da Russiýa Belorussiýanyň bir bölegi bolmaly, ýa-da haýsydyr biri birleşip, ýeke-täk dolandyryş guramasyny döretmeli ... diýen ýaly myş-myşlar peýda boldy.  Bu babatda pikir etmeklik  hem akmaklykdyr.» – diýip  nygtady.

Belorussiýanyň döwlet Baştutany munuň düýbünden zerur däldigini dile getirmeklik bilen: «Biz özygtyýarly garaşsyz döwlet hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen diňe  has güýçli hoşniýetli gatnaşyklar ulgamyny gurup bileris.»  – diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň