Soňky habarlar

Arhiw

Global ykjam aragatnaşyk 226 eksabaýt artar

19:1402.03.2021
0
1671

«Ericsson» kompaniýasynyň wekilleri Şanhaýda «MWC 2021» sergisiniň çäginde geçirilen bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk torlaryny ösdürmek baradaky sammitde torlaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň berdiler.

Kompaniýanyň  Demirgazyk - Gündogar Aziýa  ylmy-barlag merkeziniň baş müdiri Pen Szýuansýan  2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli dünýäde 123 sany 5G täjirçilik ulgamynyň hasaba alnandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, 5G bilen işleýän enjamlaryň umumy sany 335-e barabardyr.

Maglumatlara görä, dünýädäki 5G ulanyjylarynyň umumy sany 200 milliondan geçdi. Ýeri gelende aýtsaň, täze torlar  tizligi boýunça dördünji nesil ykjam aragatnaşyk torlaryndan (4G) öňe geçýär.

«Ericsson» kompaniýasynyň wekilleri 2026-njy ýyla çenli 5G ulanyjylarynyň sanynyň 3,5 milliarddan geçjekdigini çaklaýarlar. Mundan başga hem olar 2026-njy ýylda ähli ykjam aragatnaşyk maglumatlarynyň 54 göteriminiň 5G torunyň paýyna  düşjekdigi barada aýdýarlar.

«Ericsson» kompaniýasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň 5G torunyň giňelmegi üçin möhüm ýyl boljakdygyna umyt baglaýarlar. Olar şu ýylyň ahyryna çenli dürli markalaryň arzan 5G smartfonlarynyň köpüsini satuwa çykarmagyna garaşýarlar.

Häzirki global ykjam aragatnaşygyň göwrümi 51 eksabaýt. Onuň 2026-njy ýyla çenli 225 eksabaýt artmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda wideo aragatnaşygynyň  göwrümi umumy ykjam aragatnaşygynyň 66 göterimini düzýär. 2026-njy ýylda bu umumy ykjam aragatnaşygynyň 77 göterimini emele getirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň