Soňky habarlar

Arhiw

«Instagram» göni ýaýlymda gatnaşyjylaryň sanyny artdyrdy

18:2302.03.2021
0
700

«Instagram»  ulanyjylary indi öz göni ýaýlymlaryna 3 sany adam goşup bilerler. Bu babatda  «Instagram»-da  «Live Rooms» atly täze funksiýa düýn — 1-nji martda elýeterli boldy.

Mundan ozal «Instagram» ulanyjylaryna göni ýaýlymda diňe bir adam bilen gepleşmäge rugsat berilýärdi.  

Täze funksiýa ulanyjylara diňleýjileri bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem gepleşikler geçirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bu funksiýa girdeji gazanmagyň özboluşly bir usuly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň