«Toyota» şereketi Ýaponiýada akylly şäher gurup başlady. «Independent» web sahypasynyň habaryna görä, bu şäher daşky gurşawa birleşdirilip bilinjek emeli intellekt we robot pudagyndaky ösen tehnologiýalar üçin synag meýdançasyna öwrüler.
«Toyota» şereketi «Woven City» diýlip atlandyrylýan täze akylly şäheri Tokio şäherinden 100 km uzaklykda, Fuji dagynyň eteginde gurup başlady. Onuň «Janly laboratoriýa» meýdany 71 gektardyr.
«Woven City» atly täze akylly şäherde üç ýol bolar. Bu üç ýoluň birinjisi pyýada gatnawy üçin, ikinjisi elektrik skuterli pyýadalar üçin, üçünjisi bolsa awtoulaglar üçin niýetlenilendir. Bu ýerde ulanyljak awtoulaglaryň esasy bölegi
«Toyota» şereketiniň «e-Palette» atly ählumumy elektrik ulaglaryndan ybarat bolar.
«Toyota» şereketi tarapyndan gurluşygyna başlanan «Woven City» atly täze akylly şäherde ilkibaşda dürli ýaşdaky 360 adam, alymlar we kompaniýanyň 2000-e golaý işgäri maşgalalary bilen ýaşarlar.