Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we onlaýn maslahat geçiriler

23:5626.02.2021
0
4999
TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we onlaýn maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-18-nji martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly ykdysadyýet, öňdebaryjy ýokary tehnologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça işleýän agzalary öz taýýarlan işlerini görkezerler.

17-nji martda geçiriljek maslahata onlaýn tertipde birleşmäniň welaýatlardaky agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna bu düzümiň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçileriň işiniň geriminiň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany öňde boljak serginiň hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu forumyň türkmen telekeçileriniň üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hususy haryt öndürijileriň önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işleri ösdürmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýän toplumlaýyn çärelerden ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milletiň Lideri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň hem-de kuwwatynyň gözden geçirilişinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen bagly çäreleriň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň