Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar “EducationUSA” wirtual ýarmarkasyna çagyrylýar

22:0326.02.2021
0
9005

Türkmenistandaky Halkara bilim boýunça amerikan geňeşi türkmenistanlylary 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ABŞ-nyň kollejleri bilen geçiriljek  ilkinji “EducationUSA” wirtual ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu waka ABŞ-nyň bakalawr (hünärmen) derejesini we iňlis programmalaryny hödürleýän akkreditlenen ABŞ kollejleri bilen aragatnaşyk saklamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ýarmarka öý şertlerinde, onlaýn usulda gatnaşmak mümkinçiliginiň bolmagy onuň esasy artykmaçlygydyr.

ABŞ kollejleri bilen wirtual bilim ýarmarkasynyň mümkinçilikleri we ähmiýeti şulardan ybarat:

  • Soraglaryňyza jogap almak üçin ABŞ-nyň kollejleriniň wekilleri bilen ýüzbe-ýüz söhbet edip bilersiňiz.
  • Ýarmarka wagtynda özüňize amatly bolan wagtda ABŞ-nyň hemme gatnaşýan kollejlerinden iň täze broşýuralary we kurslaryň düşündirilişini alyp bilersiňiz.
  • ABŞ-nyň uniwersitetlerine ýüz tutan wagtyňyzda size takyk we aktual maglumatlary berýän ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň maslahat merkezleriniň ulgamy bolan EducationUSA maslahatçylary bilen pikir alyşyp bilersiňiz. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň ýokary bilimi barada resmi maglumatlaryň çeşmesi bolup durýar!
  • ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri bilen olaryň öz iş otagynda onlaýn duşuşyp, programmalar, kabul ediş prosesi, maliýe kömegi mümkinçilikleri, synag mümkinçilikleri we başgalar barada iň täze habarlary ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.

Gatnaşmak üçin şu baglanyşyk arkaly hasaba alynmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň