Ruslan Mingazow «Kaspiniň» futbolçysy

18:4926.02.2021
0
7778

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow futbol ýoluny Gazagystanyň «Kaspiý» futbol klubynda dowam etdirer. Klub 29 ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

Mingazow topara erkin oýunçy hökmünde goşuldy. Häzir ol topar bilen bilelikde Türkiýede türgenleşýär. 

«Kaspiý» futbol kluby 1979-njy ýylda Aktau şäherinde döredildi. Klub Gazagystanyň premýer-ligasynda çykyş edýär. «Kaspiý» Gazagystanyň çempionatynyň geçen ýylky möwsüminde dokuzynjy orny eýeledi. Topara serbiýaly hünärmen Srdan Blagoýewiç tälim berýär.

Mundan ozal Ruslan Mingazow bilen Bahreýniň iň güýçli toparlarynyň biri bolan «Al-Muharragyň» gyzyklanýandygy habar berlipdi. Ol bu barada resmi «Instagram» sahypasynda şeýle düşündiriş berdi:

«Köp adamlar Bahreýne trasferim barada soraýarlar. Nähili, näme boldy diýip gyzyklanýarlar. Bu sowallara gysgaça şeýle jogap berip biljek: men Bahreýnden maşgala ýagdaýym sebäpli gaýtmaly boldum. Şonuň üçin hem toparyň ýolbaşçylaryndan maňa rugsat bermeklerini haýyş etdim. Indi resmi ýagdaýda «Kaspä» geçýärin. Mähirli garşylanandygym we uly ynam üçin topara hoşallyk bildirýärin. Geçen ýylky toparyma beýle ýakyndan baglanyp bilmändim. Men bu ýyldan umytly. Gazagystanyň we Türkmenistanyň halklary hemişe dogan halklardyr. Bu ýakynlyk, esasanam, Mangistau sebitinde duýulýar. Goldawyňyz üçin hemmäňize sagbolsun aýdýaryn!».

Ruslan Mingazowyň soňky kluby Karaganda şäheriniň «Şahtýory» bolupdy, ondan öň bolsa «Irtyşda» çykyş edipdi. «Transfermarktda» 500 müň ýewro möçberinde bahalanýan futbolçy geçen möwsümde 14 duşuşykda 3 gezek tapawutlandy, 2 goluň hem asistini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň