«YouTube» atly meşhur wideo hosting hyzmatynyň işinde näsazlyklar ýüze çykdy. «Downdetector» portalynyň habaryna görä, sahypadaky näsazlyklar barada iň köp şikaýat ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan we Russiýadan geldi.
Mysal üçin, internet çeşmesiniň işleýşinde 920-den gowrak näsazlyk Russiýadan hasaba alyndy. Şol bir wagtyň özünde, göterim nukdaýnazaryndan arz-şikaýatlaryň köpüsi göni sahypaň özi bilen baglanyşykly meselelerden, ýagny wideo görlende ýa-da sahypa girilende ýüze çykýan näsazlyklardan geldi.