«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti öz önümlerini Owganystana eksport etmekligi hödürledi

14:2826.02.2021
0
9193

23.02.2021 ý. senede Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen iki ýurduň wekilleriniň we işewürleriniň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn iş duşuşygy geçirildi.

Bu çärä türkmen tarapyndan 30-dan gowrak we owgan tarapyndan hem şeýle möçberde işewürler gatnaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek boýunça pikir alyşyldy. 

"Muhammet-Balkan" Hojalyk Jemgyýeti hem bu çärä gatnaşyp, öz öndürýän "Nowruz Haly" sintetiki haly önümlerini we "MB Shoes" aýakgaplaryny Owganystanyň Hyrat welaýatyna eksport etmek boýunça teklip bilen çykyş etdi. Bu teklip owgan işewürlerinde gyzyklanma bilen kabul edilip, türkmen önümleriniň ýokary hili bilen tapawutlanýandygy aýratyn bellenilip geçildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň