Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» şu ýylyň birinji çärýeginde ýene bir «Boeing 777-200LR» uçaryny satyn alar

09:3326.02.2021
0
49314

"Türkmenhowaýollary" 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde täze Boeing 777-200LR uçaryny alar. Bu barada CAPA habar berýär.

EZ-A780 belgili bolan ýolagçy uçary Sietldäki (ABŞ) zawodda guruldy. Uçar häzirki zaman «General Electric GE90-110B1L» hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýakyn geljekde awiakompaniýada uçaryň synag uçuşlary geçiriler we şondan soň resmi taýdan müşderä gowşurylar. 

Ilkinji «Boeing 777-200LR» 2006-njy ýylda öndürildi. Şol wagt ol uzak aralyga uçmak boýunça dünýäniň ähli rekordlaryny täzeledi. Öz döwründe bu uçar öndüriji tarapyndan «Worldliner» diýlip atlandyryldy. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu uçar dünýädäki islendik iki howa menziliniň aralygyna baryp, ýetip bilýär. Saklanman, 16 müň kilometr aralygy geçip bilýän uçar 317 ýolagça niýetlenendir.

«Türkmenhowaýollary» «Boeing 777-200LR» uçaryny satyn almak üçin ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy 2019-njy ýylda şertnama baglaşypdy. Şeýlelikde, täze uçaryň gelip gowuşmagy üçin «Türkmenhowaýollaryna» degişli «Boeingleriň» sany 32-ä çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň