Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlar boýunça çäklendirmeleri 31-nji marta çenli uzaltdy

18:2425.02.2021
1
113637

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Russiýadaky şahamçasy COVID-19 pandemiýasy we ýolagçy howpsuzlygy bilen baglanyşykly, awiakompaniýanyň ähli halkara howa gatnawlary boýunça çäklendirmeleriň şu ýylyň 31-nji martyna çenli süýşürilendigini habar berdi.  

Halkara gatnawlar üçin satyn alnan petekler güýjüni 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli saklaýar. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we çalyşmak üçin petek satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Syýahat amala aşyrylmasa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde geçiren tölegini yzyna gaýtaryp bermek üçin hem ýüz tutup biler.  

Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar ýatyryldy:

  • Aşgabat - Stambul - Aşgabat
  • Aşgabat - Moskwa - Aşgabat
  • Aşgabat - Sankt-Peterburg - Aşgabat
  • Aşgabat - Kazan - Aşgabat
  • Aşgabat - Minsk - Aşgabat
  • Aşgabat - Almaty - Aşgabat
  • Aşgabat - Frankfurt am Main - Aşgabat
  • Aşgabat - Birmingem - Aşgabat
  • Aşgabat - Amritsar - Aşgabat
  • Aşgabat - Deli - Aşgabat
  • Aşgabat - Dubaý - Aşgabat
  • Aşgabat - Abu Dabi - Aşgabat
  • Aşgabat - Pekin - Aşgabat
  • Aşgabat - Bangkok - Aşgabat
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň