Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynda Hazar sebitinde ulag we söwda gatnaşyklaryna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi

10:4925.02.2021
0
9174

24-nji fewralda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk gurady. Çärä Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ilçileri hem-de wekilleri, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Wideoduşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary jenap Umberto de Pretto, şeýle hem degişli ýurtlaryň ilçileri we hemişelik wekilleri, şol sanda halkara guramalaryň agzalary çykyş etdiler.

Ulag-logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol 2021-nji ýylda ösüşiň we öňegidişlikleriň gazanylmagynda aýratyn wajyp hem-de täsirli ugurlaryň biridir.

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan pandemiýa döwründe durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara hereketleriň üpjün edilmegi arkaly syýasy gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzda 2021-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň