Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer Ş.Durdulyýew 24-nji fewralda geçirilen maslahatda döwlet Baştutanyna habar berdi.
Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly ХХ halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklary we beýlekiler guralar.
Hasabatyň çäklerinde dürli maksatly täze desgalaryň we binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milletiň Lideri şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ägirt uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini, gurluşykda döwrebap tehnologiýalaryň we nou-haularyň giňden ulanylmalydygyny, binagärlik taslamalarynyň taýýarlanylmagyna ylmy esasda çemeleşilmelidigini, olaryň maýa goýum babatda bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmelidigini belledi.