Top.Mail.Ru

Azerbaýjan Türkmenistandan AI-92 benzininiň importyny 2,7 esse ýokarlandyrdy

12:0823.02.2021
0
5110

Azerbaýjan geçen ýyl Türkmenistandan 11 müň 267 tonna AI-92 awtobenzinini satyn aldy we 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 2,7 esse ýokarlandy. Türkmen benziniň importy 6 million 92 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şol döwürde Azerbaýjan Russiýadan 4 müň 688 tonna AI-92 benzinini satyn alyp, onuň importyny 23,5 esse azaltdy. Bu barada “Interfaks-Azerbaýjan” agentligi geçen hepde habar berdi. Azerbaýjanyň import eden rus benzini 2 million 88 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Geçen ýyl Azerbaýjan daşary ýurtlardan 15 müň 955 tonna golaý AI-92 awtobenzinini satyn aldy we bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 7,2 esse azdyr. 2020-nji ýylda Azerbaýjanyň import eden benzini 9 million 8 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 7,9 esse azaldy.

Hasabata görä, Azerbaýjan AI-92 awtobenzinini diňe 2020-nji ýylyň 4-nji çärýeginde import etdi. Amala aşyrylan import Azerbaýjanyň SOCAR döwlet energiýa kompaniýasynyň Geýdar Alyýew adyndaky Bakuwyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (BNGIZ) 27-nji awgustdan oktýabr aýynyň ahyryna çenli meýilleşdirilen abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen baglanşyklydyr. Zawodda abatlaýyş işleri geçirilen döwründe ýurtda AI-92 awtobenzini öndürilmedi.

BNGIZ diňe AI-92 awtobenzinini öndürýär. Azerbaýjan 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden bäri AI-95 (premium) we AI-98 (super) görnüşli awtobenzinlerini import edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň