Arhiw

Tatarystanyň ykdysady ösüşinde Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berildi

11:3223.02.2021
0
6244

Tatarystan Respublikasynyň Senagat we Söwda ministrliginiň soňky mejlisinde, wise-premýer, Tatarstan Respublikasynyň senagat we söwda ministri A.A.Karimow 2021-nji ýyldaky ösüş meseleleri barada çykyş edip, onda Türkmenistanyň uly ornunyň bardygyny aýtdy. Bu barada kazan.tmconsulate.gov.tm habar berýär.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistana 463 sany «KamAZ» ulagyny, Kazan dikuçar zawodynyň «Mi-17-1W» we «Ansat» kysymly 2 sany dikuçaryny ugratmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem, gämi gurluşygy boýunça Zelenodolskiň A.M.Gorkiý adyndaky zawodynyň», «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatdaşlyklary, Türkmenistanyň Kazandaky söwda öýüniň we «Tatneftiň» Aşgabatdaky söwda we tehniki öýüniň açylmagy bu ikitaraplaýyn gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirer.

Tatarystan geçen ýyl Türkmenistana 852 sany «KamAZ» ugratdy, A145E taslamasynyň ikinji deňiz gämisi boýunça hyzmatdaşlyk etdi we umumy bahasy ABŞ-nyň 8 million dollary möçberinde derman serişdelerini ýollady.

Onlaýn maslahata Türkmenistanyň Tatarystandaky Baş konsuly hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň