«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Estoniýanyň «Roksnet Solutions OÜ» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

18:5522.02.2021
0
14293

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň binasynda, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň ýardam bermeginde Estoniýa Respublikasynyň «Roksnet Solutions OÜ» kompaniýasy bilen wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyryş dabarasy, iş duşuşygy geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň wekili, «Roksnet Solutions OÜ» kompaniýasynyň ýolbaşçysy we jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine geçip, kompaniýanyň hünärmeni Estoniýa Respublikasynyň «Roksnet» kompaniýasynyň, Maglumat kommunikasion tehnologiýalary dolandyryş ulgamynda hem-de «Elektron hökümet» ulgamynda maslahat beriş (konsalting) we tehnologiki durmuşa geçiriji kompaniýadygy, «Roksnet» kompaniýasynyň, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmekde ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hünär maslahatlaryny bermekde (konsalting), okuwlary geçirmekde, olary ösdürmekde, dolandyrmakda we hyzmatlary ýerleşdirip durmuşa geçirmekde dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýändigi barada belläp geçdi.

Häzirki wagtda bu kompaniýanyň, «Elektron hökümet» ulgamyny gurnamak boýunça öz hyzmatlaryny Germaniýa, Finlýandiýa, Kanada ýaly dünýäniň ösen döwletlerinde şeýle hem, goňşy döwletlerimiz Azerbaýjan we Gyrgyzystan Respublikalarynda, bulardan başga-da dünýäniň birnäçe döwletlerinde ýola goýmaklyga ýardam berendigi barada aýtdy.

«Roksnet» kompaniýasy, öz gezeginde Hökümeti elektron görnüşinde dolandyrmak üçin «X-Road – Pudagara elektron alyş-çalyş ulgamyny» döretdi. Bu ulgam «Merkezleşdirilmedik» görnüşinde bolup, dürli hyzmatlary, maglumat binýatlaryny, ýokary standartly şifrlemeleri öz içinde birleşdirýär. «Roksnet» kompaniýasy häzirki wagtda «Elektron hökümet» ulgamynda maglumatlary alyşmakda, olary dolandyrmakda hem-de howpsuzlygyny üpjün etmekde öňdebaryjy orny eýeläp öz hyzmatlaryny hödürleýärler.

Kompaniýa «Elektron hökümet» ulgamy üçin diňebir «X-Road – Pudagara elektron alyş-çalyş ulgamyny» döretmegi teklip etmän, mundan başga-da «Elektron hökümet» ulgamynyň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezini, «Elektron hökümet» ulgamyny peýdalanyjylary barabarlandyrmagyň (identifikasiýasynyň) we autentifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamyny şeýle hem, Ilatyň sanawyny, hyzmat edýän ýuridik we fiziki şahslar üçin bitewi anyklaýyş sanly kodlar ulgamyny döretmek hem-de şahsyýeti anyklaýyş ID ulgamlaryny döretmegiň çözgütlerini hödürledi. Bulardan başga-da bu ulgamlary gurnamakda zerur bolan kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamakda hem ýardam berýändiklerini belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda «Roksnet Solutions OÜ» kompaniýasy, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamyny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri hem-de bu işleri durmuşa geçirmäge taýýardyklary barada aýdyp, hem-de «ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda» we «ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy aýan etmezlik hakynda» Ähtnamalara gol çekmekligi hödürlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň