Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ «COVAX» maksatnamasyna maliýe goldawyny iki esse artdyrdy

19:4820.02.2021
0
768

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylygyndaky ««COVID-19» sanjymlaryna global elýeterlilik» — «COVAX» maksatnamasyna  maliýe goldawyny 2 milliard dollardan 4 milliard dollara çenli ýokarlandyrdy. Bu barada «Ak tam» köşgüniň web sahypasynda beýan edilýär.

«Ak tam» köşgüniň web sahypasynda ýazylan beýanda: ««COVID-19» ýokanç keseli hiç bir milletiň pandemiýa garşy ýekelikde hereket edip bilmejekdigini görkezdi. Häzirki wagtda Prezident Baýden amerikan raýatlaryny we umumadamzat neslini «COVID-19» ýokanç keselinden goramaklyk üçin dünýä liderleri bilen tagallaryny birikdirip işleýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, 2021-2022-nji ýyllarda ««COVID-19» sanjymlaryna global elýeterlilik» — «COVAX» maksatnamasyna 2 milliard dollar goşmaça goldaw bermeklik bilen, bu halkara maksatnamasyna goşant goşmaklykda öňdebaryjy bolup hereket edýär.» - diýlip bellenilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň