Türkmenistanly talyplar «Ylham seýilgähine» wirtual syýahat taslamasyny işläp düzdüler

10:3917.02.2021
0
8224

«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len bir­lik­de, Türkmenistanyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýalar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da dö­re­di­len, ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gy esa­syn­da iş­le­ýän «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­iň agzalary, institutyň 1-nji ýyl ta­lyp­la­ry Al­la­nur Baý­ram­dur­dy­ýew bi­len Il­ýas­bek Tä­ji­ba­ýe­w şu sal­gy­nyň üs­ti bi­len paý­tag­ty­myz­da­ky «Yl­ham» se­ýil­gä­hi­ne wir­tu­al sy­ýa­hat et­mek boýunça taslamany taýýarlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ol «Krpa­no» prog­ram­ma­syn­da dö­re­di­lip­dir. «Yl­ham» se­ýil­gä­hi­niň çä­gi 3 bö­le­ge bö­lü­nip, ola­ryň her­sin­de dür­li dö­wür­ler­de ýa­şap ge­çen türk­men şah­sy­ýet­le­ri ha­kyn­da mag­lu­mat be­ril­ýär.

Se­ýil­gäh­ler­de wir­tu­al ge­ze­lenç et­mek giň­den ýaý­ran tej­ri­be bo­lup, gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da is­len­dik wagt­da in­ter­ne­te bi­ri­gip, dün­ýä­niň çar kün­je­gin­den sy­ýa­hat edip bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da se­ýil­gä­hiň gyş pas­lyn­da­ky keş­bi­ni syn­lap bol­ýan bol­sa, gel­jek­de beý­le­ki pa­syl­lar­da­ky gö­zel­li­gi­ni hem gör­kez­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň