«Türkmenportalyň» toparyna goşulmak mümkinçiligiňiz dowam edýär

18:2016.02.2021
0
19104

Işleriniň geriminiň giňelýänligi sebäpli, «Türkmenportal» onlaýn maglumat çeşmesiniň degişli ugurlar boýunça hünärmenleri işe çagyrýandygyny habar beripdik.

Biz işe kabul edilşigiň dowam edýändigini ýatladýarys. Hususan-da, ozal görkezilen iş orunlarynyň hataryna ýene bir ugur ― «Ýerine ýetiriji menejer» wezipesi goşuldy. Bu wezipä dalaşgärlerden talap edilýän ýagdaýlary şu salgydan tapyp bilersiňiz. (Boş iş orunlary 8).

Şeýle hem öň yglan edilen boş iş orunlary üçin hem dalaşgärlerden ýüztutmalaryň kabul edilýändigini ýatladýarys:

  • Satyş boýunça menejer;
  • Taslama boýunça menejer;
  • Programmaçy;
  • Kontent menejer;
  • Žurnalist;
  • Grafika dizaýneri;
  • Ýolbaşçynyň kömekçisi.

Boş iş orunlarynyň her biri barada maglumat almak üçin şu salga girip görüň!

Eger siziň ukyplaryňyz bildirilýän talaplara laýyk gelýän bolsa, anketalaryňyzy şu salga ýollaň: vacancy@turkmenportal.com

Hatyň mowzuk ýazylýan böleginde ýüz tutýanyň ýaşaýan ýerini görkezmelidir.

«Türkmenportal» anketalarda ýüz tutýanyň başarnyklary barada mümkin boldugyndan doly maglumat berilmegini soraýar.

Dalaşgärler saýlanylanda goşmaça artykmaçlyklar (dalaşgäriň ukyplary) göz öňünde tutular.

Saýlanan dalaşgärler başarnyklary barlanyljak bäsleşige çagyrylar. Munuň üçin her kime dessine ýa-da belli bir wagtdan soňra ýumuş tabşyrylyp görler.

Ilkinji synaglaryň netijesinde iň gowy netije görkezen dalaşgär deslapky söhbetdeşlige çagyrylar. Şondan soň oňa iş beriji tarapyndan bir aý mugt, bir aý hem tölegli synag möhleti berler.

Zähmet şertnamasy synag möhleti üstünlikli tamamlanansoň baglaşylar.

«Türkmenportal» şeýle hem Türkmenistanyň ähli iş ägentliklerinden ýokarda görkezilen iş orunlaryny öz sanawlaryna goşmagy haýyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň