Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kirişli saz gurallary kafedrasynyň talyplary üçin ussatlyk sapagy boldy. Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň dosenti we professory Ruben hem-de Gagik Smbatýanlar skripkaçylaryň altysynyň saz çalşyna onlaýn görnüşde syn etdiler.
Daşyndan synag-konsertine meňzeýän bu ussatlyk sapagy ermeni kompozitory Aram Haçaturýanyň eseri bilen açyldy. Bäşinji ýyl talyby Leýla Amangulyýewa Konsertiň ikinji we üçünji bölegini ýerine ýetirdi. Näzederiň ýeňilje oýunlary näzik liriki owaz döredýärdi. Onuň bilen bile okaýan Jemal Gylyçdurdyýewa ussatlyk sapagyny Dmitriý Şostakowiçiň 1-nji Konserti bilen dowam etdi. Olaryň saz çalyş tilsimini skripka çalmagyň gaýry mekdebini geçen ýerewanly mugallymlar ünsli diňlediler. Ruben hem-de Gagik Smbatýanlar kä ýerde eseriň böleklerini nygtamagy, başga bir ýerinde, tersine, birneme peseltmegi ündediler. Gyzlar daşary ýurtly skripka sazynyň ussatlarynyň başgaça garaýşyny ünsli diňlediler we dessine olaryň aýdan belliklerini düzedip saz çaldylar.
Dmitriý Şostakowiçiň 2-nji Konserti, Iogannes Bramsyň, Nikkolo Paganininiň, Sergeý Prokofýewiň Konsertleri ýerine ýetirildi. Olary Aýlar Botaýarowa (3-nji ýyl talyby), Merdan Çaryýew (4-nji ýyl talyby), Sona Ýazowa (4-nji ýyl talyby), Gözel Mätkerimowa (3-nji ýyl talyby) çaldylar. Konsertmeýsterler Elmira Jumagulyýewa, Stella Faramazowa, Natalýa Ilýiçowa dagy olara fortepianoda sazandarlyk edip, eserleriň saz stilistikasyny nygtadylar.
TMK-nyň zalda oturan mugallymlarydyr talyplary ýoldaşlarynyň çykyşlaryny we ýerewanly ussatlaryň belliklerini ünsli diňlediler. Şeýlelikde ussatlyk sapagy sazandalaryň diňe bir altysy üçn däl, eýsem kirişli saz gurallary kafedrasynyň talyplarynyň ählisi üçinem peýdaly boldy.
--Onlaýn görnüşli aragatnaşyk arkaly bizde güýçli ermeni sazandarlyk mekdebi bilen gatnaşyga mümkinçilik döredi – diýip kirişli saz gurallary kafedrasynyň müdiri Tylla Ýomudowa gürrüň berýär. -- Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasy ýaly abraýly döredijilik ýokary okuw mekdebiniň ussatlyk sapagy talyplarymyňyň okuw işini baýlaşdyrar. Nusgawy eser ýerine ýetirilende esasan onuň duýgylara täsirine üns berilýär. Şunda hem kärine ussatlar nusgawy kompozitoryň çalynan eserine öz garaýşyny aýdýarlar.
Bu çäre, elbetde, türkmen we ermeni halklarynyň arasyndaky dostlugyň hem-de ynanyşmagyň subutnamasydyr. Ajaýyp saz bizi birleşdirip, Zemin durmuşyny ruhy taýdan baýlaşdyrýar.