Soňky habarlar

Arhiw

Aşkabatdaky koworking merkezi, Türkmenistanda "Faberlic" kompaniýasyny esaslandyryjylar bilen duşuşyk geçirer

22:3215.02.2021
0
6591
Aşkabatdaky koworking merkezi,  Türkmenistanda "Faberlic" kompaniýasyny esaslandyryjylar bilen duşuşyk geçirer

23-nji fewralda "Iş Nokady" koworking merkezinde, nuldan üstünlik gazanan zenan - Ýelena Anatolewna Burnaşewa bilen döredijilik agşamy geçiriler.

Liderlik häsiýetleri we ruhlandyryjylyk ukyby oňa ýönekeý kosmetologdan - Türkmenistandaky "Faberlic" kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolmagyna itergi berdi.

Ýelena Burnaşewa - häzirki wagta çenli özüniň ussatlyk bilen ýeten sepgitlerinden alan bilimlerini paýlaşyp gelýär we önümleriň ulanyş aýratynlyklaryna çuňňur düşünýär, yzygiderli syýahat edýär we dürli ugurlarda uly üstünlik gazanýar.

Bu duşuşykda, Ýelena gatnaşyjylara maliýe garaşsyzlygyny gazanmak, potensialyňy durmuşa geçirmek, öz ýoluňy tapmak we işde üstünlik gazanmak barada birnäçe maslahatlary berer.

Duşuşykda şahsy ideg mowzugyna-da serediler, bu bolsa gatnaşyjylar üçin aýratyn gyzykly bolar.

Geçiriljek wagty: 19:00.

Gatnaşmak üçin töleg: 100 tmt.

Çärelere gatnaşmak, jemgyýetçilik çäklendirmelerini göz öňünde tutup, hökmany bellige almak arkaly şeýle-de bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtügini (maskany) dakynmak şerti bilen amala aşyrylar.

Treninge ýazylmak üçin telefon belgisi :

+993 12 46-81-65

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň