Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy tassyklanyldy

23:4412.02.2021
0
7712

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini halkara derejede guramaçylykly geçirmek, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrmak boýunça geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň