Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

MB shoes «Çelsi» aýakgaplaryny öndürip başlady

16:4910.02.2021
0
13068

MB shoes aýakgap tapgyrlarynyň üsti «Çelsi» görnüşindäki erkek aýakgaplarynyň täzeleri bilen ýetirildi. Aýakgaplaryň bu görnüşleri bagjyklarynyň we beýleki berkidiji gurluşlarynyň ýokdugy bilen tapawutlanýar. Olaryň ornuny aýakgabyň bir gyrasyndaky rezinler eýeleýär. Şolar hem olaryň geýlişiniň we çykarylyşynyň aňsat bolmagyny üpjün edýär.

«Çelsi» ýumşak aýakgaplary diňe bir erkekleriň däl, zenanlaryň arasynda hem meşhurdyr. Ol öz adyny Londonyň abraýly sebitleriniň birinden alýar.

Täze dizaýndaky aýakgaplar MB-niň deri önümleriniň hyrydarhalarlygyny has-da artdyrar. Bu markanyň aýakgaplary ýerli we italýan aýakgap dizaýnlarynyň sazlaşygyndan ybaratdyr.

MB önümleri bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň