Berdimuhamedow medeniýet toplumynyň ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi

23:3307.02.2021
0
10682

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji fewralda geçiren iş maslahatynda ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri medeniýet ministrine medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi, taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler has-da netijeli ýola goýmagy, edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, milli medeniýetimizi, baý mirasymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, halk döredijiliginiň eserlerini we beýik şahsyýetlerimiziň nusgawy eserlerini dünýäde giňden wagyz etmäge üns bermegi, elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen çäreleri dowam etmegi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde, halk köpçüligi üçin gyzykly, özüne çekiji, milli äheňli, ýokary hilli, döwrebap kinofilmlere taýýarlamak we olary tomaşaçylar köpçüligine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirmegi, pudaklaýyn edaralaryň we düzümleriň işini guramak babatda olaryň çykdajylarynyň düzümini seljerip, artykmaç çykdajylary azaltmak we tölegli hyzmatlaryň gerimini giňeltmegi, ÝUNESKO we beýleki abraýly düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi tabşyrdy

Döwlet Baştutany soňky döwürde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerinde örän köp kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, halkymyzyň gadymy mirasynyň, medeniýetiniň ýeterlik derejede öwrenilmeýändigini belledi. Öňler W.Masson we W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň ýurdumyzda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk sahypalaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýar.

Milletiň Lideri geçen ýyl Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenendigini, ýöne bu şanly sene mynasybetli hem netijeli medeni çäreleriň talabalaýyk guralmandygyny, ugurdaş edaralaryň ýagdaýynyň, maddy-enjamlaýyn we hünärli işgärler bilen üpjünçiliginiň hem örän ýaramaz derejede bolmagynda galýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin medeniýet ministri A.Şamyradowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Soňra milli Liderimiz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýokary hilli gepleşikleri yzygiderli ýaýlyma bermegi tabşyrdy. Guramaçylyk işlerini güýçlendirmek maksady bilen, ussat alypbaryjylary bu işe çekmek, halypa-şägirtlik ýörelgelerini yzygiderli dowam etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny we durmuşa geçirilen özgertmeleri dünýä giňden ýaýmak, şol sanda tanyşdyryş wideoroliklerini, çeper, telewizion we dokumental filmleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin hünärine ökde işgärleri taýýarlamak we olar üçin ýörite okuwlary guramak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teleradioýaýlymlarda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine döwrebap çeper we dokumental filmleri köpräk çykarmak babatda görkezme berdi.

Milli Liderimiz döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada aýdyp, onuň tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna ýurdumyzda neşir edilýän gazetleriň we žurnallaryň hiline we mazmunyna hemişe gözegçilik etmegi, onlaýn abuna boýunça hyzmatlary giňeltmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bellenilýän ýylda kitap önümleriniň neşir edilişi we ýaýradylyşy bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, orta we ýokary okuw mekdeplerini zerur kitaplar hem-de gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, şol sanda çagalar üçin çeper eserleriň çap edilişini artdyrmagyň, şeýle hem neşir önümleriniň hiline gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz neşirýat gullugynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, olaryň zerurlyklaryny we satyn alynýan kagyzlaryň, kartonlaryň we beýleki poligrafiýa serişdeleriniň hem-de gazet-žurnallary elektron görnüşde neşir etmegi nazara alyp, ätiýaçlyk şaýlarynyň we enjamlaryň bahalaryny seljermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, neşirýat işi üçin zerur bolan harytlar satyn alnanda, Döwlet býujetiniň serişdelerini tygşytlamak we netijeli ulanmak maksady bilen, öňdebaryjy önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygyna Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda agentlik tarapyndan alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, habarlary taýýarlamak, ýaýratmak we çap etmek boýunça hyzmatlary giňeltmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak agentligiň alyp barýan işiniň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazetleriň we žurnallaryň redaktorlaryna ýüzlenip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler we şanly wakalar barada, halkymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilip, özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezýän, dürli žanrlarda ýazylýan we çap edilýän eserleriň sanyny has-da köpeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz okyjylaryň sanyny artdyrmak we gazet-žurnallaryň okyjylara öz wagtynda ýetirilmeginiň täzeçil usullaryny gözlemek boýunça işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde döwürleýin neşirleriň döredijilik we tehniki işgärleriniň bilim we hünär derejesini hemişe ýokarlandyrmagy talap etdi.

Medeniýet ulgamynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýörite ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini dünýä standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gazanylan milli tejribä hem-de dünýä ylmynyň soňky gazananlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki ugurdaş edaralary bilen gatnaşyklary yzygiderli alyp barmagy, hususan-da, talyplary we mugallymlary halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere hem-de sergilere işjeň gatnaşdyrmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärler girizilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda bu ugurda häzirki zaman gazanylanlaryny peýdalanyp, medeniýet edaralary tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramagy tabşyrdy.

Döredijilik çäreleriniň hem-de sahna eserleriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmak, milli däp-dessurlary, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny giňden beýan etmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, mekdepden daşary çeperçilik, sungat we sazçylyk ugurly tölegli okuwlaryň we hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, alyp barýan iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip durmagy, bu edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri yzygiderli taýýarlamagy talap etdi.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak döwlet çärelerine hem-de şu ýylyň 22 — 27-nji iýuly aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine häzirden göwnejaý taýýarlyk görmek zerurdyr.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda medeniýet ulgamy boýunça “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda göz öňünde tutulan çäreler babatda ýerine ýetirilýän işler berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Halkara medeni gatnaşyklary ösdürip, ýurtlaryň arasynda özara Medeniýet günlerini we berkarar döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasatyny amala aşyrmaga ýardam berýän beýleki çäreleri geçirmek däbini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem wise-premýer G.Müşşikowa medeniýet ulgamynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça seljermeleri geçirmek, olaryň algy-bergilerini, çykdajylarynyň düzümini jikme-jik öwrenmek, bu edaralara Döwlet býujetinden berlen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilişine we göz öňünde tutulan maksatlara görä ulanylyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň