Soňky habarlar

Arhiw

«iPhone 12 mini» smartfonynyň önümçiligi ýatyrylýar

17:4006.02.2021
0
7674

«Apple» şereketi geçen ýylyň oktýabr aýynda 5,4 dýuýmly we OLED displeýli bolan,  kompaniýanyň iň arzan täze smartfony hasaplanýan «iPhone 12 mini» ykjam telefonlaryny çykardy. Bu smartfonlaryň satuwy kompaniýa girdeji gazanmaga kömek etmedi. Ýöne, girdejili bolmasa-da, «iPhone 12 mini» häzirki wagtda «iPhone» hatarynda iň köp satylan model bolup durýar.

«JPMorgan Chase»-iň analitigi Wilýam Ýang «iPhone 12» we «iPhone 12 mini» smartfonlarynyň önümçiliginiň 9 - 11 milliona ýetendigini çaklady we bu modele bazaryň pes islegi bilen baglanyşykly nyrhy pes satuwyň bolandygyny belläp geçdi.

Analitikleriň çaklamalary tassyklansa, şu ýylyň ikinji çärýeginde «iPhone 12 mini» smartfonynyň önümçiligi we satuwy ýatyrylar. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, «iPhone 12 mini» smartfony «iPhone» taryhynda iň gysga möhletli flagman modeli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň