Soňky habarlar

Arhiw

TGM-niň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrylýar

19:2305.02.2021
0
7699

Kabul ediş topary «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildiriş bilen Türk­me­nis­ta­nyň­­ Go­ran­mak ­mi­nistr­li­gi­niň­­ Ýö­ri­te­leş­di­ri­len ­har­by-de­ňiz­­ mek­de­bi­ne ­oku­wa ­ça­gyrylýandygyny habar berdi.

2021 ― 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýär.

Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili der si boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.

Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň