Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky “Iş Nokady” koworking merkezi “Dilewarlyk sungaty” boýunça okuw sapagyny geçirýär

16:2504.02.2021
0
5978

9-njy fewralda koworking-merkezinde Oguljennet Bäşimowa – habarçy, ýazyjy, şahyra we terjimeçi tarapyndan türkmen dilinde “Dilewarlyk (oratorçylyk) sungaty” atly treningi geçiriler.

Oguljennet Bäşimowa:

  • Dilewarlyk (oratorçylyk) sungatynyň esaslary, onuň nämedigi
  • Gowy dilewaryň (oratoryň) nähili bolmalydygy
  • Çykyş etmäge täsir edýän faktorlar
  • Dilewarlyk (oratorçylyk) sungatyny kämilleşdirmegiň ýollary barada gürrüň berer.

Dilewarlyk (oratorçylyk) sungatynyň ukyplaryna eýe bolmak adamlara özüni açyp görkezmäge, ynam gazanmaga we köpçülige özüni dogry görkezmäge mümkinçilik berýär.

Geçirilýän senesi: 09.02.2021.

Wagty: 11:00.

Gatnaşmak üçin töleg: 80 tmt.

Çärelere gatnaşmak, jemgyýetçilik çäklendirmelerini göz öňünde tutup, hökmany bellige almak arkaly şeýle-de bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtügini (maskany) dakynmak şerti bilen amala aşyrylar.

Treninge ýazylmak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz:

+993 12 46-81-65

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň