Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen bagly geçiren iş maslahatynda degişli Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.
Döwlet Baştutany döredilýän döwrebap mümkinçiliklere garamazdan, obasenagat pudagynda işleriň haýal-ýagal alnyp barylýanlygy üçin wise-premýere we pudagyň beýleki ýolbaşçylaryna nägilelik bildirdi.