Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi

15:1903.02.2021
0
18427

Sişenbe güni geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdurmek we giňeltmek boýunça öňde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de şolary ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, önümçilikleriň doly kuwwatynda hem-de bökdençsiz işledilmegi üpjün edilmelidir. Şunda önümçiligi dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilmelidir.

Şeýle hem nebitgaz toplumyndaky edara-kärhanalarda çykdajylaryň düzümini seljermek we zerur bolmadyk çykdajylary aradan aýyrmak arkaly önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işlerine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr.

Döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigini nazarda tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligi we girdejiligi artdyrylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi.

Döwlet haryt-sig mal biržasynda eksport maksatly satylýan nebit önümleriniň bahalarynyň bäsleşik esasynda ýokary bolmagy gazanylmalydyr. “NAPEСO” milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň gerimini giňeldip, täze ýataklary özleşdirmek işlerine çekmelidir.

Şunuň bilen birlikde, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegi gazanylmalydyr. Önümçiligiň üznüksizligini üpjün etmek üçin olaryň goşmaça himiki reaktiwler, ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy möhümdir.

Döwlet Baştutany öndürilýän önümleriň ýerlenilýän möçberini, hususan-da, erkin ýörgünli daşary ýurt puluna ýerlenilýän möçberini artdyrmak arkaly gelip gowuşýan maliýe serişdelerini köpeltmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljermegi we olaryň sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmagy, ýangyç-energetika toplumy üçin harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda, hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň tebigy gazy çykarmagynyň möçberiniň peselmeginiň sebäplerini seljermegi we bu depgini kadaly ýagdaýda saklamak üçin dessin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebit çykarmakda döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmak arkaly çykarylýan çig nebitiň mukdaryny ýokarlandyrmak, nebit çykarylýan guýulary abatlamak we durkuny täzelemek işlerini öz wagtynda geçirmek, çig nebitiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bökdençsiz ugradylmagyny gazanmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany önümçilik ulgamlarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini gazanmagynyň zerurdygyny ýene bir ýola belläp, nebiti düýpli gaýtadan işlemegi üpjün edip, çykarylýan nebit we nebithimiýa önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeleýiş we düýpli abatlaýyş işleri öz wagtynda geçirilmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti pudagyň serişde binýadyny berkitmek meseleleri barada aýdyp, geologiýa-gözleg, seýsmiki hem-de buraw işleriniň netijeliligini ýokarladyrmakda, tebigy gazyň, çig nebitiň we gaz kondensatynyň gorlaryny kesgitlemekde häzirki zaman tehnologiýalary, şol sanda 3D ölçegli usullaryň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamyň edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini tizleşdirmegi, täze ýataklaryň üstüni açmak we özleşdirmek boýunça zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet konsernleriniň we korporasiýanyň işinde ylmy-barlag institutlaryň alymlarynyň, ussat mugallymlaryň maslahatlaryndan netijeli peýdalanylmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň