Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumy boýunça kämil hünärmenleri ýetişdirmek üçin tabşyryklary berdi

23:4902.02.2021
0
10787

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge bagyşlanan iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektoryna ýüzlenip, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi. 

Döwlet Baştutany uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirkizaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr. 

Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribesinden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, mill hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milletiň Lideri uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutany halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan СNPС, Dragon Oil, Hyudai, LG, Lukoýl, ARETI we beýleki köpsanly abraýly kompaniýalarynyň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady. 

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milletiň Lideri daşary ýurtlaryň nebigaz boýunça öňdabaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmakda, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça bilimleri alyşmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol birwagtyň özünde ýurdumyzyň talyplary, mugallymlary we ylmy işgärleri halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmalydyrlar. 

Türkmenistanyň Prezidenti aýdylanlary jemläp, wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň