Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýangyç we energiýa hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin toplumyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi.
Milletuň Lideri öňde nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, şolaryň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, TNGIZT-niň ýolbaçysyna anyk tabşyryklary berdi.