Soňky habarlar

Arhiw

Sadyr Japarow Gyrgyzystanyň Prezidenti wezipesine girişdi

16:3928.01.2021
0
6215

INTERFAX.RU-nyň habar bermegine görä, şu gün – 28-nji ýanwarda, Gyrgyzystanyň saýlanan Prezidenti Sadyr Japarow döwlet Baştutany wezipesine resmi taýdan işe başlady.

Sadyr Japarowyň kasam kabul ediş dabarasy Milli filarmoniýa zalynda geçirildi we milli teleýaýlymlarda göni ýaýlymda görkezildi.

Gyrgyzystanyň täze saýlanan Prezidenti Sadyr Japarow şu günki dabarada kasam edip, halkyň peýdasyna işlejekdigini wada berdi, Şondan soň bolsa ýurduň döwlet baýdagynyň öňünde dyz epip, ony öpdi we maňlaýyna sylyp tagzym etdi.

Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw toparynyň başlygy Nurjan Şaýldabekowa  Sadyr Japarowa  döwlet nyşanlaryny –  döşe dakylýan nyşany we Prezidentiň tuguny  gowşurdy. 

Kasam kabul ediş dabarasynda Gyrgyzystanyň täze Prezidenti Sadyr Japarow:  «Gyrgystanyň täze Hökümeti döwlet dolandyrylyşynyň prezident respublikasy görnüşinde işlemeklik bilen, soňky 30 ýylyň içinde eden 5 milliard dollar töweregi daşary ýurt karzymyzy üzüp başlar. 2032-nji ýyla çenli Gyrgyzystan daşary ýurt bergisini doly tölemekligiň hötdesinden geler.»  – diýip belledi. 

Sadyr Japarow  öz çykyşyny dowam edip, Gyrgyzystandaky ýagdaý we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar barada aýratyn belläp geçdi we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigini aýtdy. Şeýle hem ol, 

Gyrgyzystanyň Amerika we  Ýewropa döwletleri bilen-de hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini dile getirdi.

Gyrgyzystanyň täze Prezidenti Sadyr Japarow: «Biz Hytaýyň Gyrgyzystan bilen Merkezi Aziýada, şol sanda dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde,  günsaýyn ösýän goňşusy we hyzmatdaşy hökmünde özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary dowam etdirjekdigine ynanýarys. » – diýip bellemeklik bilen, özüniň kasam kabul ediş dabarasyndaky gysgaça çykyşyny tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň