Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýa uzak aralykdan bilim bermek mümkinçiligini gowulandyrmaklyk üçin ýeňillikler döredýär

14:4928.01.2021
0
1099

Koronawirus epidemiýasy sebäpli uzak aralyk okuwy meýilleşdirilen Germaniýada 800 müň mugallyma noutbuk kompýuterlerini paýlamaklyk we okuwçylara 10 ýewro bilen çäklendirilmedik internetden peýdalanmak mümkinçiligini bermeklik kararyna gelindi. Hut şu nukdaýnazardan-da, Germaniýanyň Hökümeti ýurtdaky mugallymlaryň uzak aralykdan bilim bermek mümkinçiligini gowulandyrmaklyk maksady bilen, federal býujetden 500 million ýewro möçberindäki  pul serişdesini bölüp berdi. 

Germaniýada pandemiýa sebäpli bilimiň kesilmeginiň öňüni almaklyk maksady bilen Hökümet binasynda geçirilen giňişleýin mejlisde bilim meselesi we çözgüt teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de federal býujetden 500 million ýewro möçberindäki pul serişdesini döwlet bilim býujetine geçirmeklik kararyna gelindi. Bu kararyň esasynda 800 müň mugallyma noutbuk kompýuterlerini bermeklik, mekdeplerde sanly bilim ulgamy üçin zerur şertleri döretmeklik we okuwçylara 10 ýewro bilen çäklendirilmedik internetden peýdalanmak  mümkinçiligini ýola goýmaklyk  göz öňünde tutulýar.

Çarşenbe güni ýurduň sanly bilim ulgamynda geçiriljek özgertmeler barada beýan beren Federal bilim ministri Anýa Karliçek: «Biz mugallymlarymyz üçin noutbuk kompýuterlerini satyn almaklyk, mekdeplerde sanly bilim ulgamy üçin zerur şertleri döretmeklik maksady bilen federal býujetden 500 million ýewro sarp edýäris. Munuň özi mekdeplerimizi sanlylaşdyrmaklyk işini has-da çaltlandyrar.» – diýip bellemeklik bilen, bu babatdaky kararyň perşenbe güni güýje girjekdigini aýtdy.

Koronawirus pandemiýasyna garşy görülýän çäreler sebäpli Germaniýadaky mekdepler 14-nji fewrala çenli ýapyk bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň