Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, «COVID-19»-a garşy täsirli we hiç hili zyýan bermeýän gudratly derman öndürendiklerini habar berdi.
Maduro, «Carvativir» diýlip atlandyrylýan «COVID-19» dermanynyň Karakasdaky hassahanalaryň we meýdan hassahanasyna öwrülen sport merkeziniň näsaglarynda synag edilendigini aýtdy.
Prezident telewideniýede eden çykyşynda: «Bu derman 9 aýlap gözleg, barlag we kliniki synag prosesinden geçdi. «Carvativir» dermany agyr näsaglarda synag edildi we olaryň saglyklary dikeldildi.» – diýip belledi.
Maduro, bu dermanyň XIX asyrda ýaşap geçen meşhur Wenesuelaly lukman Jose Gregorio Hernandeziň gudratly damjasydygyny aýtdy.
«Carvativir» dermany kekik ösümliginden öndürilen derman bolup, adaty lukmançylykda asyrlar boýy ulanylýar, ýöne koronawirusa garşy täsir edýändigi, entek ylmy taýdan subut edilmedi.
Wenesuelanyň Milli farmasewtika akademiýasy özüniň ýazmaça beýanynda «Carvativir» dermanynyň koronawirusa garşy bejeriş mümkinçiliginiň bardygyny mälim etdi. Beýanda bu dermanyň «COVID-19»-a garşy täsirli dermandygyny kabul etmeklik üçin kliniki synaglardan has köp maglumatyň alynmalydygy nygtaldy.