Soňky habarlar

Arhiw

«Microsoft» şereketiniň arassa girdejisi we paýdan alýan girdejisi ýokarlandy

15:4927.01.2021
0
769

Amerikanyň tehnologiýa hususy kärhanasy bolan «Microsoft» şereketi özüniň arassa girdejisiniň we paýdan alýan girdejisiniň geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda köpelendigini habar berdi.

Geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlaryny 2021-nji ýylyň maliýe senenamasynyň ikinji çärýegi hökmünde kabul eden «Microsoft» şereketi özüniň balans hasabatyny yglan etdi. Bu balans hasabatyna laýyklykda kompaniýanyň arassa girdejisi geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33 göterim artyp, 15,5 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň arassa girdejisi 2019-njy ýylyň degişli döwründe 11,7 milliard dollar boldy.

Şol döwürde kompaniýanyň girdejisi 36,9 milliard dollardan 43,1 milliard dollara çenli ösüp, 17 göterim ýokarlandy. 

Kompaniýanyň paýdan alýan girdejisi hem bu döwürde 1.51 dollardan 2,03 dollara çenli ýokarlandy. Bu döwürde «Microsoft» şereketiniň bulut segmentindäki girdejisi 23 göterim artyp, 14,6 milliard dollara ýetdi. Bu kompaniýanyň «Azure» platformasynyň girdejisi bolsa 50 göterim ýokarlandy. «Microsoft» şereketiniň «Xbox» atly oýun konsol seriýasynyň girdeji şol döwürde 40 göterim ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň