Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Russiýa «Finwal» görnüşindäki iki sany gäminiň gurluşygyny bilelikde alyp bararlar

12:1924.01.2021
0
11562
Türkmenistan we Russiýa «Finwal» görnüşindäki iki sany gäminiň gurluşygyny bilelikde alyp bararlar

Russiýanyň Senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, gämi gurluşygy pudagynda taslamalary ösdürmek boýunça bilelikdäki türkmen-rus iş toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi.

Onlaýn çäräniň çäginde taraplar «Finwal» görnüşindäki iki sany köpugurly ýük gämisini gurmak üçin taslama, ony maliýeleşdirmegiň şertleri, kanuny taraplary, taslamanyň üstünde işlemek üçin teklip edilýän hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu işler iki döwletiň hyzmatdaş kärhanalarynyň arasynda alnyp barlar.

Duşuşykdan soň rus tarapy türkmen hyzmatdaşlaryna dürli görnüşli gämileriň gurluşygy, bu gurluşygy amala aşyrjak hünärmenleri taýýarlamak, toplanan tejribäni we tehnologik mümkinçilikleri paýlaşmak ýaly işlerde kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow bu hyzmatdaşlyk babatda şeýle diýdi:

«2021-nji ýylyň Türkmenistanda gämi gurluşyk pudagynyň uly ösüşiniň başlangyjy boljakdygyna ynanýaryn. Rus we türkmen gämi gurluşykçylarynyň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Aslynda, Türkmenistanda täze pudak döredilýär. “Balkan” gämi abatlaýyş kärhanasy Hazaryň iň döwrebap gämi abatlaýyş kärhanalarynyň biridir. OSK paýdarlar jemgyýeti bilen «Balkan» zawodynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 2019-njy ýylyň ahyrynda badalga berildi we degişli Ähtnama gol çekildi. Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar halkara geçirijileriniň ösüş mümkinçiligi Hazarda häzirki zaman söwda flotuny döretmek üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyny talap edýär».

Geçen ýylyň 5-nji dekabrynda «Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy» AGPJ bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda bilelikdäki Ähtnama gol çekişilendigini ýatladýarys. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde 2025-nji ýylda çenli bilelikde 12 gämi gurmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň