Seljuklar döwrüniň keramiki plitalaryna bagyşlanan halkara taslama bäsleşigi yglan edildi

14:2822.01.2021
0
6603

Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri – Alaaddin Keykubat uniwersiteti we Ýakyn Gündogar uniwersiteti, Alanýanyň basylyp almagyň 800 ýyllygy mynasybetli “Seljuk döwrüniň keramiki plitalary” atly halkara taslama bäsleşigini gurnaýar. Guramaçylar dünýäniň çar künjeginden sungat işgärlerini bu medeni çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet we tanyşdyrma geňeşligi tarapyndan internet neşirimize iberen beýanatynda bellenilip geçilýär. Bu barada ORIENT habar berýär.

Taslamanyň esasy maksady XIII asyryň Seljuk binagärlik desgalarynyň örtüginde ulanylýan keramiki plitalaryň bir nusgasyny döretmekden ybaratdyr. Bu taslama gatnaşjak heýkeltaraşlar XIII asyryň Seljuk binagärlik desgalarynyň örtüginde ylham alyp, täze nusga döretmeli bolarlar.

Sungat işleriniň ýerine ýetiriliş şertleri:

  • Ýerine ýetiriljek işler syrçaly we daşky keşbine görk beriji bolmaly.
  • Işleriň göwrümi 20cm X 20 cm, 1,5-2 cm Şeýle hem plitalary ýasamak üçin ak toýun ulanmaly bolup durýar.
  • Suratkeşler işlerine döredenlerinde öz reňklerini ulanyp, durmuş we ahlak kadalaryna laýyk getirip döretmeli.
  • Taslama gatnaşyjy özüniň ýerine ýetiren diňe bir işini taslama hödürläp bilýär. Suratkeş özüniň işini görkezilen salga ibermelidir.
  • Suratkeşlere ýörite şahadatnama berler. Mundan başga-da edilen işleriň katalogy çap ediler. Beriljek kitapda her bir gatnaşyjynyň awtobiografiýasy we çeper garaýyşlary bolar. Kitapda her bir ýazyjynyň eseriniň şekilleri hem bolar.
  • Her bir taslama gatnaşyjy gol çekilen şertnamany serdar.aslan@alanya.edu.tr salgysyna ugratmaly. (04.01.2021-01.02.2021)
  • Arzalar 2021-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndan 2021-nji ýylyň 3-nji martyna çenli kabul ediler.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň