Soňky habarlar

Arhiw

Welaýat häkimleri we käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary Maryda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar

13:0121.01.2021
0
1445

Düýn, 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň işini guramakda oňyn tejribäni öwrenmegiň we ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaçylara görkezmeleri berdi.

Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş saparyna gatnaşyjylar Maryda “Türkmeniň ak öýi” binasyna we Sakarçäge etrabynyň pomidor ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasyna baryp gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň