Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat pagta egriji fabriginiň önümleriniň köpüsi eksport edilýär

20:4318.01.2021
0
10823

Türkmenabat pagta egriji fabrigi geçen ýyl önümleriniň köpüsini, ýagny öndürilen ýüplügiň 80 göterimini eksport etdi. Esasy eksport edijileri bolsa Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe we Polşa ýaly ýurtlardyr.

«Türkmen Gündogary» gazetiniň habaryna görä, bu fabrik 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň manatlyk önümiň ýerine 31 million 740 müň manatlyk önüm öndürdi.

Türkmenabat pagta egriji fabrigi 2009-njy ýyldan bäri işleýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň bu ýerde oturdylan enjamlary fabrigiň işgärlerine uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň