Soňky habarlar

Arhiw

IWF öňdäki halkara ýaryşlarda Ýulduz Jumabaýewa Dünýä çempionaty - 2018-iň altyn medalyny gowşurar

05:4818.01.2021
0
9711

Halkara Agyr atletika federasiýasy türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewany Dünýä çempionaty ― 2018-iň altyn medaly bilen sylaglady. Bu barada IWF-niň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji doktor Maýkl Iraniden we federasiýasynyň baş kätibi Mohammed Jaluddan gelen hatda aýdylýar.

«2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Halkara agyr atletika federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şol taryhy wakany Türkmenistanda guramak barada dogry karara gelendigini ynam bilen aýdyp bilerin» diýlip, hatda nygtalýar.

«Degişli wezipeleri ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, Türkmenistan ajaýyp dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirdi, bu bolsa ençeme rekordlary we täze görkezijileri goşdy.

Emma, şol dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Taýland Patyşalygynyň türgeni tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli, Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagy amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, şol ýaryşyň häzirki netijeleri boýunça türkmen türgeni Yulduz Jumabaýewa itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky ajaýyp habary Size ýetirmek isleýärin.

Ol ozal şol ýaryşda itekläp götermekde kümüş medalyň, silterläp götermekde bolsa bürünç medalyň eýesi bolupdy. Mundan başga-da, Ý. Jumabaýewa itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netije bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi.

Ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutup, 2021-nji ýylda geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşlarynda türkmen türgenine mynasyp bolan medalyny gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi bellenildi».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň