Ýulduz Jumabaýewa ― agyr atletika boýunça dünýä çempiony!

18:3316.01.2021
0
23437

Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) türkmenistanly agyr atletikaçy gyz Ýulduz Jumabaýewany 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň 45 kilograma çenli agram derejesindäki ýeňijisi ― dünýä çempiony diýip yglan etdi.

IWF resmi web saýtynda zenanlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň netijenamasyny täzeledi. Ilki başda tailandly Thunýa Sukharoen bu agram derejesinde altyn medal gazanypdy. Ýöne bu agramda çykyş eden ähli türgenleriň ýaryşdan soňky doping barlaglary gözden geçirilip, tailandly türgeniň bellenen düzgünleri bozandygy ýüze çykaryldy we subut edildi. Şeýlelikde, IWF ony gazanan altyn medalyndan mahrum etdi.

Şeýlelikde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempiony diýlip yglan edildi. Türgen bu derejä mynasyp bolan ilkinji türkmenistanly zenan agyr atletikaçydyr.

Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika sportuna Daşoguz welaýatynda, daýysy Zeripbaý Kerimbaýewiň elinde türgenleşmek bilen geldi. Soňra paýtagtdaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde tälim alan Ýulduz häzir talyp. Ol karýerasynda halkara ýaryşlardaky medallaryň birnäçesini gazandy. Ilkinji medalyny 2017-nji ýylda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanan Ýulduz (bürünç medal) soňra Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol 2018-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda, 2019-njy ýylda Kataryň kubogynda, 2020-nji ýylda Halkara raýdaşlyk oýunlarynda medallary gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň