Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Hökümeti Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň bahasyny iki esse arzanlatdy.
Goňşy döwletiň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganiniň düýnki açylyş dabaralarynda eden çykyşynda hem nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümetine TOP 500 kW taslamasy üçin elektrik energiýasynyň bahasyny 6 sentden 3 ýarym sente düşürdi. Munuň üçin owgan Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuahmedowa çuňňur hoşallyk bildirdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn Kerki (Türkmenistan) ― Şibirgan (Owganystan) aralygynda täze elektrik geçirijisi işe girizildi. Bu taslama dostlukly döwletde 9 million adamyň elektrik bilen üpjünçiligi üçin ýeterlik bolar.