Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan şu ýylyň awgustynda TOPH we TOP taslamalaryny açmaga taýýar

12:2115.01.2021
0
10099

Owganystanyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani türkmen-owgan gatnaşyklarynyň täze sahypa öwrülen demir ýoluň, elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda öz döwletiniň TOPH we TOP taslamalaryny açmaga taýýardygyny bildirdi.

Bu barada owgan Lideri çykyşynda şeýle diýdi:

«Bu gün ulanmaga berilýän desgalaryň hem sebit hyzmatdaşlygy, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähmiýeti uly bolup durýar, biz TOPH we TOP taslamalaryny Owganystanda 2021-nji ýylyň awgustynda açmaga taýýardyrys».

Türkmen we owgan Liderleriniň düýn bilelikdäki täze taslamalaryň açylyş dabaralaryna onlaýn görnüşde gatnaşandygyny we olaryň işine ak pata berendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň