Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmen-Tranzit” Türkmenistanda ilkinji bolup öz ösüşi üçin laýyklyk şahadatnamasyny aldy

16:4912.01.2021
0
14099

Täze 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy, “Türkmen-Tranzit” tarapyndan işlenip düzülen “Netije” programma üpjünçiligi üçin laýyklyk şahadatnamasyny berdi.

Programma üpjünçiligi, elektron resminamalary dolandyryş programmasydyr.

“Netije” - howpsuz we ygtybarly gurluşa eýe bolup, “Ulanyjy kartoçkasy”, “Elektron gol”, “Resminamalary gözlemek we saklamak”, “Resminamalary dolandyrmak” funksiýalaryny öz içine alýar.

Bäş amaly modul “Umumy salgylanmalar”, “Kontragent”, “Kärhana”, “Resminamalaryň akymy”, “Wezipeler we meseleler” islendik kärhananyň ýa-da iş gurluşynyň ähli resminamalary bilen sanly işi başarnykly we rasional esasda döretmäge kömek edýär.

“Netije” önümi uýgunlaşdyrylan (ulanyjy öz resminamalarynyň islendik birini goşup biler), öndürijilik düzgünine şeýle-de görkezmelerine gözegçilik edýär we türkmen we rus dillerinde işleýär.

Häzirki wagtda “Türkmen-Tranzit”, Türkmenistanda öz elektron resminamalaryny dolandyrmak çözgüdini işläp düzen we laýyklyk şahadatnamasyny alan ilkinji kompaniýadyr. “Türkmen-Tranzit” toparynyň geljekde uly meýilnamalary we täze pikirleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň