Arhiw

«Ýüpekçi» öňümizdäki baharda täze içgileriň önümçiligine girişer

15:1811.01.2021
0
4875

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäherçesinde ýerleşýän «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti şu ýy­lyň ýa­zyn­da tä­ze önü­mi ― süý­ji ta­gam­ly iç­gi­le­ri ön­dürmek me­ýil­leş­di­ril­ýär ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Bu hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýyldan bäri alkogolsyz içgileriň dürli görnüşlerini öndürýär. Hä­zir­ki wagt­da «Ýü­pek­çi­niň» «Ho­şal», «Buzz», «Ýu­nus», «Näz­li», «7gen» ha­ryt ny­şan­ly mi­we şi­re­leri­dir so­wuk çaý­la­ry, şeý­le-de «Bold» ha­ryt ny­şan­ly wita­min iç­gi­si di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da-da meş­hur­dyr.

Ge­çen ýyl­da onuň önüm­le­ri­niň ýüz­ler­çe müň ga­by goň­şy ýurt­la­ra ug­radyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da-da ola­ra is­leg bil­dir­ýän­ler köp. Şu gün­ler kär­ha­na­da 270-den gow­rak iş­gär iki tap­gyr­da zäh­met çek­ýär. Gün­de önüm­le­riň her görnü­şin­den 150 — 200 müň ga­by ön­dü­ril­ýär.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň önümi ― «Bold» ha­ryt ny­şan­ly al­ko­gol­syz, gaz­lan­dy­ry­lan zirk ta­gam­ly wi­ta­min iç­gi­si 2020-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň paý­tag­ty Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çen «EKS­PO — 2020» hal­ka­ra ser­gi­si­niň çä­gin­de gu­ra­lan «In­no­wa­si­on önüm» bäs­le­şi­gin­de bi­rin­ji or­na my­na­syp bo­lup, al­tyn me­dal ga­zan­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň