Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenportal» Türkmenistanda iň köp girilýän dört gözleg ulgamyň sanawyna goşuldy

14:3110.01.2021
5
38970

Bütin dünýä boýunça has ygtybarly we abraýly maglumat-seljeriş kompaniýasy hasaplanýan «Alexa Internet»-iň habaryna görä, «Türkmenportal» habarlar portaly ilkinji 5 saýtyň sanawyna girdi we okyjylary boýunça  Türkmenistanda dördünji orny eýeledi.

Analitik maglumatlar 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli görkezilýär. Derňew geçirilende, “Alexa Internet” soňky üç aýyň dowamynda görlen sahypalaryň sanyny we gündelik ortaça okyjyny göz öňünde tutýar. Reýting dünýäniň dürli künjeklerinden 30 milliondan gowrak web saýty öz içine alýar.

Türkmenistan boýunça taýýarlanan maglumata görä, dünýäniň iň meşhur gözleg çeşmesi "Google" birinji, rus gözleg ulgamy bolan "Yandex" ikinji, rus dilindäki “Mail.ru” internet portaly üçünji, “Türkmenportal” habarlar portaly bolsa sanawda dördünji orny eýeledi. Bu maglumatlar “Türkmenportalyň” Türkmenistanda iň köp girilýän we iň çalt ösýän web çeşmesidigini ýene bir gezek subut edýär. Hasabatda Türkmenistan boýunça bu kategoriýada başga web saýtlar hasaba alynmandyr. 2011-nji ýylda döredilen gününden bäri bu web saýt türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly internet ulanyjylaryň arasynda uly ynam gazanyp bildi. “Alexa Internet”-iň habaryna görä, sahypa girýänleriň 96,3 göterimi Türkmenistanyň ýaşaýjylary, galanlary daşary ýurtly okyjylar. Habarlar portalynda ýerleşdirilýän maglumatlar  her gün takmynan, 120 müň gezek, bir aýda bolsa 4 million gezege golaý okalýar. Web saýtyň maglumat üpjünçiliginiň köpdürlidigine garamazdan, habarlardyr makalalar dessine täzelenýär, täzelikleri gyzgyny bilen okyjylara ýetirilýär. “Türkmenportal” web saýty Facebook, Vkontakte, Odnoklassniki, Instagram, Twitter, Telegram, Youtube we TikTok ýaly iň abraýly, işjeň sosial ulgamlarda hem hereket edip, öz okyjylaryny maglumat bilen üpjün edýär.

“Türkmenportal”-yň maksady Türkmenistandaky täzelikleri, wakalary dünýä giňişligine we türkmen okyjylaryna gysga wagtda ýetirmekden, tutuş dünýäde bolup geçýän waklar, hadysalar bilen türkmenistanlylary habarly etmekden ybaratdyr. “Yandex”, “Google”, “Rambler”, “Mail.ru” halkara gözleg kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gatnaşmagy esasynda, “Türkmenportal” web saýtyndaky  habarlar bu gözleg ulgamlary tarapyndan derrew indekslenýär. Netijede, dünýädäki iň uly internet neşirlere, habar beriş serişdelerine, şol sanda GDA ýurtlarynyň habarlar gulluklaryna, ýakyn we uzak ýurtlara dessin, yzygiderli habar berilýär. “Türkmenportal” meşhur şahsyýetler, türkmen we daşary ýurtly syýasatçylar bilen geçirýän söhbetdeşlikleri bilen hem tanalýar. Şeýle hem bu sahypa futbol, ​​basketbol, ​​olimpiýa sporty, göreş, boks, woleýbol, dzýudo, küşt, pauerlifting, karate, FIFA dünýä çempionaty, AFK kubogy, Aziýa kubogy, Olimpiýa oýunlary... ýaly köp sanly sport oýunlary boýunça maglumatlary hem öz okyjylaryna yzygiderli ýetirýär. 

2019-njy ýylyň başynda saýtyň iňlis dilindäki görnüşi işe girizildi we şol ýylyň güýzünde saýtda aýratyn mediýa bölümi döredildi. Bu bölümde diňe bir suratlar däl,  wideosöhbetdeşlikler, meşhur kompaniýalar baradaky gepleşikler ýerleşdirilip başlandy. 2019-njy ýylyň iýul aýynda  ilkinji gezek “Türkmenportal”-yň wekili Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) Merkezi Aziýada metbugat azatlygy boýunça XXI konferensiýasyna gatnaşdy. Habarçy öz çykyşynda türkmen elektron žurnalistikasynyň gazananlary we “Türkmenportal” web sahypasynyň üstünlikleri barada gürrüň berdi.

Täze, 2021-nji ýylda, “Türkmenportal” ykjam programmasy “App Store” we “Google Play”-de ýerleşdirildi. Ulanyjylar üçin has amatly bolmagy üçin täze programmanyň işleýşi web sahypasyna garanyňda has ýönekeý. Häzirki wagtda “Türkmenportal” habarlar saýtynyň dizaýnyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar, şeýle-de türk dilinde bir bölüm hem dörediler.

“Türkmenportal”-yň täzeliklerini yzygiderli okaň, Türkmenistanyň we dünýäniň täzeliklerinde dessine habarly boluň. “Türkmenportal” siziň iň ygtybarly maglumat çeşmäňizdir.

Ynamyňyz üçin sag boluň!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
patriotturkmen ( 10.01.2021 )

Лично я в день как минимум 100 раз захожу, все новости читаю. Очень интересно. Вот только скорее бы приложение вышло как у ORIENT было бы вообще круто. Жду с нетерпением новых новостей и вашего приложения.

24
resuldovlet ( 10.01.2021 )

приложение уже доступно, ссылки указаны в тексе выше

6
patriotturkmen ( 11.01.2021 )

Спасибо, уже скачал. #turkmenportalnomerodin

4