Soňky habarlar

Arhiw

Demirgazyk Koreýa dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak isleýär

14:4108.01.2021
0
10575

«Interfaks»-yň «Yonhap» agentligine salgylanyp, berýän habaryna görä,  Demirgazyk Koreýa döwletiniň Lideri Kim Çen Yn ýurduň Işçiler partiýasynyň gurultaýynda eden çykyşynda dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmaklyk isleýändigini aýtdy. 

Demirgazyk Koreýanyň resmi habar beriş serişdeleri Kim Çen Ynyň öz çykyşynda: «Daşarky gatnaşyklarymyzy hemmetaraplaýyn giňeltmeli we ösdürmeli.»  –  diýip belländigini habar berýär.

Demirgazyk Koreýa döwletiniň Lideri şeýle zerurlygyň, hususan-da, häzirki ýagdaý we täze wagtyň başlanmagy bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi.

Ýöne, Demirgazyk Koreýanyň resmi habar beriş serişdeleri Kim Çen Ynyň haýsy ýurtlar bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmaklyk isleýändigi barada maglumat bermedi. Hususan-da, munuň Günorta Koreýa we ABŞ bilen baglanyşyklydygy belli däl.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň